Böwsülen tümlük
Författare | |
---|---|
Förlag | GUN Förlag |
Genre | Utländska berättare |
Format | Inbunden |
Språk | |
Antal sidor | 372 |
Vikt | 501 gr |
Utgiven | 2004-01-01 |
SAB | Hutm |
ISBN | 9789197439732 |
AK WELSAPAR, türkmen ýazyjysy, Şwesiýa Ýazyjylar guramasynyñ agzasy, Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubunyñ hormatly agzasy. Eserlerini türkmen, rus we şwed dillerinde ýazýar.
Böwsülen tümlük romanynyñ baş gahrymany Amansähet rehimsiz aganyñ eline galan ýetim. Ol öz dogumyna, zehinine daýanyp, ýokary bilim alýar, gysganç hem doñýürek agadan gutulýar, özbaşdaklyk gazanýar. Emma agy-garany saýgardygyça ol has beter jemgyýetçilik garşylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Gysga ömrüniñ soñky döwrüni Amansähet adamlardan uzakda, çölde geçirýär, ýöne ymgyr çölde-de jemgyýetiñ problemalary ony öz gününe goýanok. Her hal dogry söze, çyn söýgä, çynlakaý duýgulara sarpa goýýan ýaş ýigit öz durmuş ýörelgesine soñky demine çenli wepaly bolup galýar.
Bu romany Türkmenistan neşirýaty 1992-nji ýylda çap etmelidi, ýöne TÜMLÜGIÑ goragynda sak duran resmi senzura kitabyñ okyjylara ýetmeginiñ öñüni aldy.